- gädik
- 1) Haýat we ş. m. ýaly ýerlerde adam geçer ýaly gädilen ýer, geçelge.∙ Ol gädikden geçip, köçe baka gitmän, köne gorpa baka gaçdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Gelin bolmasak-da, gädikden garapdyk. (Nakyl)2) Erňegi, gyrasy döwük, ýemrik.∙ Stýopka eline gädik çemçesini alyp, tüssäniň içinde gazanyň gapdalynda öz ornuna geçdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem gädik - gädigi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.